Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2022-nji ýylyň jemi boýunça maglumat çap edildi
Maglumatyň taýýarlanylmagyndan esasy maksat 2022-nji ýylyň dowamynda adamyň we raýatyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, ýurtda adam hukuklarynyň berjaý edilşine syn bermekden, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda öz ygtyýarlygynyň çäklerinde alyp baran işleri barada beýan etmekden ybaratdyr.
Maglumat aşakdaky bölümleri öz içine alýar:
- Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy;
- Raýatlyk we syýasy hukuklar;
- Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar;
- Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme;
- Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri;
- Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi;
- Halkara hyzmatdaşlygy;
- Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri;
Resminamada agzalan temalar boýunça statistiki maglumatlar we sanlar getirilipdir.
Maglumat bilen TDH-niň resmi saýtynda tanyşyp bilersiňiz.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň wezipesini Ýazdursun Gurbannazarowa ýerine ýetirýär. Ol bu wezipä 2017-nji ýylyň 20-nji martynda saýlanylypdy.