Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işlerinde säwliklere ýol berlendigini aýtdy

21:5603.07.2023
0
29682
Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işlerinde säwliklere ýol berlendigini aýtdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de ýurduň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere seredildi.

Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Hasabatlarda galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi, gallaçy daýhanlar bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigi, şeýle-de ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş bölümlerinden elewatorlara, ammarlara daşamak we ýerleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy.

Häkimler bugdaýdan boşan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda sürüm işleriniň geçirilýändigi, gowaça ekilen ýerlerde ideg işleriniň, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, oňa ösüş suwuny tutmak işleriniň ýerine ýetirilişi, welaýatlarda ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi hakynda hem hasabatlarynda bellediler.

Degişli hasabatlarda Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda häzirki wagtda ideg işleriniň alnyp barylýandygy, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam edýändigi habar berildi.

Şeýle hem häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şu günler oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi we häkimlere bu möwsümiň ýokary hilli hem-de bökdençsiz geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany häkimlere bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagy, gowaça talabalaýyk ideg edilmegi bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda häzirki wagtda ýurduň welaýatlarynda galla oragynyň tamamlaýjy tapgyrda dowam edýändigi barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, şu günler oba hojalygynda dowam edýän möhüm möwsümiň ähmiýetine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleri ýerine ýetirilende käbir säwliklere ýol berlendigini aýtdy.

Eger-de agrotehniki çäreler doly we dogry berjaý edilen ýagdaýynda, has ýokary netijeleri gazanyp boljakdygyny belläp, döwlet Baştutany oba hojalyk işlerinde agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, dogry berjaý edilmegini wise-premýer A.Ýazmyradowdan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden berk talap etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň