Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýanyň Ýewropa işleri boýunça ministri Türkmenistana geler

13:0903.07.2023
0
34874
Beýik Britaniýanyň Ýewropa işleri boýunça ministri Türkmenistana geler
Surat: leodocherty.org.uk

Beýik Britaniýanyň Ýewropa işleri boýunça ministri Leo Doerti Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Ministriň Türkmenistana amala aşyrjak saparynyň esasy maksady Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda energetika howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak we söwda-ykdysady gatnaşyklar babatda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Jenap Leo Doerti saparynyň dowamynda Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer, olarda metanyň zyňyndylaryny azaltmak, sebitdäki howanyň üýtgemegine garşy göreşi güýçlendirmek ýaly meseleler boýunça pikir alşylar. Şeýle hem Türkmenistanda britan işewürleri üçin amatly mümkinçilikleri döretmek we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Mundan başga-da, L.Doertiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparynyň çäklerinde türkmen tarapy bilen medeni gatnaşyklary berkitmek boýunça hem gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ol dünýäde iň uly elde dokalan halyny özünde saklaýan Türkmen halysynyň milli muzeýine we Aşgabadyň beýleki gözel ýerlerine hem baryp görer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň