2023-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň günbataryndaky Türkmenbaşy şäheri bilen Dagystanyň paýtagty Mahaçkalanyň arasynda konteýnerleri daşamak üçin niýetlenilen ýük gämileriniň yzygiderli gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow 29-njy iýunda Mahaçkalada Dagystanyň Hökümetiniň başlygy Abdulmuslim Abdulmuslimow bilen geçirilen duşuşykdan soň aýtdy.
«Türkmenbaşy — Mahaçkala ugry boýunça diňe bir gezeklik däl-de yzygiderli gatnawy ýola goýmak meselesi seljerilýär. Biz bu ugurdaky gämi gatnawyny 2023-nji ýylyň ahyryna çenli ýola goýmagy telekeçileriň öňündäki möhüm wezipe hökmünde kesgitledik» diýip, Ýelizarow mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, Türkmenbaşy we Mahaçkala şäherleriniň arasynda parom gatnawy soňky gezek 2011-2012-nji ýyllarda amala aşyrylypdyr.
Şeýle hem Ýelizarow, Dagystan bilen Türkmenistanyň arasynda dört sany esasy ugurda — ulag-logistika, oba hojalygy, gurluşyk materiallary senagaty pudaklarynda hem-de medeni alyş-çalyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigini belledi.