Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary ertir Saud Arabystany Patyşalygyna sapara ugrarlar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisinde aýdyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu mukaddes künjekde gurbanlyk sadakasyny bermek ýaly asylly maksat bilen ýurduň taryhynda ilkinji gezek amala aşyryljak şu saparyň çäklerinde yslam dünýäsiniň bu mukaddes ýerlerine zyýarat etmek bilen, juma namazyna gatnaşylar. Şeýle-de Gurban baýramynyň şu nurana günlerinde mukaddes Käbä tagzym edilip, taryhda birinji gezek wekiliýetiň agzalarynyň gatnaşmagynda sadaka berler hem-de ýurduň abadançylygy, halkyň bagtyýarlygy, döwlet Baştutanynyň jan saglygy baradaky doga-dilegler ediler.
Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, geçirilen taýýarlyk işleriniň netijesinde, mukaddes ýerlere boljak saparyň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.