Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Koreýa adamyň ýaşyny hasaplamak boýunça hususy ulgamyndan ýüz öwürýär

12:2828.06.2023
0
31891

Koreýa Respublikasy adamyň ýaşyny hasaplamak boýunça halkara ulgama geçýär diýip, «RIA Nowosti» agentligi habar berýär.

Koreýada gadymdan bäri adamyň ýaşyny hasaplamak boýunça özboluşly ulgam peýdalanylýardy – çaganyň ýaşy doglan wagtyndan däl-de, enäniň göwresinde galan wagtyndan hasaplanyp başlanýar, şonuň üçin hem ýaňy doglan çaganyň «koreýa ulgamy» boýunça 1 ýaşy dolýar. Şeýlelikde, bu ulgam boýunça adamyň ýaşy hakykysyndan 1 ýyl uly bolýar. «Koreý» ulgamyndan başga-da, ýurtdabütin dünýäde kabul edilen ýaşy hasaplamak ulgamy hem peýdalanylýar.

Geçen ýylyň dekabrynda Koreýanyň parlamenti ýaş ulgamyny umumy nusga geçirmek (unifikasiýalaşdyrmak) we bütin dünýädäki ulgama laýyk getirmek bilen baglanyşykly degişli üýtgeşmeleri kabul etdi.

Ýaşy hasaplamak boýunça ulgamlaryň arasyndaky tapawut dürli jemgyýetçilik ýeňillikleri, lukmançylyk we ýerli hyzmatlar berlende bulaşyklyk döredip bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň