Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamy ornaşdyrylar

23:0023.06.2023
0
30058

Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamy ornaşdyrylar. Bu ugurda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, şeýle hem «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda taslama resminamasyna gol çekildi.

Bu taslama pudagara elektron maglumat alyşmak we elektron resminama dolanyşygy ulgamlaryny döretmäge, işe girizmäge we Türkmenistanyň pudak edaralarynyň birnäçesini bu ulgamlara birikdirmäge, bu ugurda işlejek hünärmenleri taýýarlamaga, halkara tejribäni öwrenmäge gönükdirilendir.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň, pudagara elektron maglumat alyşmalar ulgamyny ornaşdyrmagyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny, şol sanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasyny üstünlikli amala aşyrmaga ýardam etjekdigini nygtady we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň