Soňky habarlar

Arhiw

«Çapar» ykjam programmasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna öýlerinden çykmazdan uçuşlaryň peteklerini satyn almaga mümkinçilik berýär

11:5121.06.2023
0
71509

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «Çapar» ykjam programmasy «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň içerki gatnawlaryna petekleri onlaýn satyn almaga mümkinçilik berýär.

Bu maksat bilen köp taraply ykjam programmada «Howa ýollary» bölümi göz öňünde tutulandyr, ol ulanyjylary syýahatyň nireden, nirä we haýsy wagtda meýilleşdirilendigini görkezmek zerur bolan sahypa ugrukdyrýar. Programma sanlyja sekundyň içinde uçuşlaryň mümkin bolan görnüşlerini hödürlär, olaryň peteklerini şolbada Türkmenistanda hereket edýän bank kartlary arkaly satyn almak mümkindir.

Ýatlatsak, «Çaparyň» kömegi bilen çaparlary çagyrmak, ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmalary üçin jerime tölemek, ykjam telefonyňyzyň balansyny doldurmak, internet, öý telefony, IPTV, jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölegleri geçirmek we agyz suwuny sargyt etmek mümkindir.

«Çapar» ykjam programmasy «Android» we «iOS» ulgamlarynda işleýän enjamlarda gurnamak üçin elýeterlidir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň