«Eksir» kompaniýasy dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň öndürýän himiýa önümleriniň Türkmenistandaky paýlaýjysy bolup durýar.
Işine 10 ýyldan gowrak wagt mundan ozal başlamak bilen, «Eksir» kompaniýasy gurluşyk we lak reňk materiallarynyň, arassaçylyk önümleriniň hem-de hojalyk himiýa serişdeleriniň önümçiligini alyp barýan kärhanalaryň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde özüni tanatdy.


«Eksir» Türkmenistana suw emulsion reňkleriň, kafel ýelimleriniň, şpatlýowkalaryň, şeýle hem penogasiteller, plastifikatorlar, kislotlaryň dürli görnüşleri, pigmentler, goýulandyryjylar, akril dispersiýalary, talk, kalsiý karbonaty ýaly bezeglik beton önümleriniň çig mallaryny getirýär.
Hojalyk himiýa serişdeleriniň, çyg süpürgiçleriň hem-de şahsy gigiýena serişdeleriniň önümçiligi üçin tekiz-aktiw serişdeler gerek bolýar, şeýle-de «Eksir» kompaniýasynyň getirýän önümleriniň sanawyna parfýumerler, losýonlar hem-de beýleki bu ugurdaky önümler degişlidir.
«Eksir» kompaniýasynyň getirýän önümleriniň hataryna «BASF», «Dupont», «Eastman», «SE Tylose GmbH & Co. KG», «DOW» ýaly meşhur kompaniýalar we beýleki önümçilik kärhanalary girýär.
Habarlaşmak üçin:
- elektron poçta salgysy: info@eksir.biz;
- telefon belgileri: 72 58 28, (+993 12) 75 46 77, (+993 62) 09 89 28.
- web saýty: www.eksir.biz;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.

