Soňky habarlar

Arhiw

“Awazada” Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Ýaşulular maslahaty bolup geçdi

07:4511.09.2015
0
6569

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “Awaza” Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri gyşarnyksyz durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan meseleleri girizildi.

Ýygnananlaryň öňünde giňişleýin söz sözlemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny mälim edip, 2016-njy ýylda öňde durýan anyk wezipeleri kesgitledi, şeýle hem ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň täze taslamasyna giriziljek esasy kadalara ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek baradaky karara geçen ýylyň maý aýynda gelindi. Şu maksat bilen, konstitusion topar döredildi. Bu ugurda netijeli işleri alyp barmak üçin, ýurdumyzyň Mejlisinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion toparyň ýanynda gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek we tertipleşdirmek boýunça topar döredildi.

Taýýarlanylan taslamada Esasy Kanunymyzyň diňe bir mazmun bölegi täzelenmän, eýsem, onuň gurluşy hem düýpli özgerdildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Esasy Kanunyň döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny düzgünleşdirýän birinji bölümine Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny goramak hakyndaky kadalaryň girizilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýdyp, mähriban halkymyzyň parahatçylyk, agzybirlik we syýasy durnuklylyk şertlerinde, bagtyýar ýaşamak baradaky erk-islegine laýyklykda Esasy Kanunymyza bu kadalaryň girizilendigine biziň ählimiz oňat düşünýäris diýip, belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Esasy Kanuna girizilen iki sany bütinleý täze konstitusion kada umumymilli foruma gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Olaryň birinjisi, «adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidigi» baradaky kadadyr, ikinjisi bolsa «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýen kadadyr.

Şeýle hem Konstitusion topar tarapyndan Türkmenistanda syýasy köpdürlüligiň we köp partiýalylygyň ykrar edilýändigi baradaky täze maddany girizmegiň teklip edilýändigi belledi. Onda şeýle hem döwlet raýat jemgyýetiniň ösmegine zerur şertleri üpjün edýär diýlip bellenilýär.

Döwletiň ösüşinde ýaş nesliň öz mümkinçiliklerini doly açyp bilmegi üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen ýörite strategiýany durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Täze taslamada döwletiň ekologiýa syýasatyna, her bir adamyň abadan we sagdyn daşky gurşawa bolan hukugy ýaly meseleler hem göz öňünde tutulandyr.

Täze taslamada döwlet häkimiýetiniň üç özbaşdak şaha bölmek baradaky kada hem göz öňünde tutulýar. Konstitusiýanyň täze taslamasynyň degişli bölüminde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti hakyndaky kadalar beýan edilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyna bütinleý täze bölüm — ykdysady we maliýe-karz ulgamyna bagyşlanan bölüm girizildi, şeýle hem onda döwlet tarapyndan telekeçiligi höweslendirmek we goldamak, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek göz öňünde tutulandyr.

Döwlet Baştutany taslama çap edilenden soňra, gelip gowşan teklipleri düýpli öwrenmegi Esasy Kanunymyzyň gutarnykly üstünde işlenen taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň garamagyna hödürlemegi hem-de ony Ýaşulularyň geljek ýylda geçiriljek maslahatynyň dowamynda kabul etmegi teklip etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn geljekde ýurdy sosial-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine ünsi çekdi. Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna degişli meselelere hem deglip geçildi. Geljek ýylda umumy bahasy 9 milliard 700 million amerikan dollaryndan gowrak bolan 428 sany iri desganyň gurluşygyny tamamlap, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Diňe geljek ýylda uly möçberli we giň gerimli maýa goýum maksatnamasyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu maksatnama laýyklykda, umumy bahasy 18 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 220-den gowrak desganyň gurluşygyna başlanar. Oba ýerlerinde 7 milliard 500 million amerikan dollaryndan gowrak möçberde serişdeleri özleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Soňra umumymilli foruma hödürlenen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşýan dürli wezipedäki we kärdäki adamlar, ýaşlar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekili Jasinata Barrins çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze taslamasyna girizilen ylmy ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary girizmäge, ýerden, suwdan we beýleki tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaga we beýleki meselelere degişli kadalar barada öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti ara alyp maslahatlaşmalaryň jemini jemlemek bilen, umumymilli maslahatda çykyş edenleriň ählisine minnetdarlyk bildirip, bu ýerde aýdylan ähli teklipleriň hökman göz öňünde tutuljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutany mejlisi dowam etdirmek bilen, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň garamagyna hödürlenilen resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakyndaky”, “Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak hakynda” we “Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy adyny dakmak hakynda” Permanlar bar.

Soňra umumymilli maslahat Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy bilen dowam etdirildi.

Milletiň Lideri dabaraly ýagdaýda “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine döşe dakylýan degişli nyşanlary, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň pugtalandyrylmagyna, onuň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, halk hojalyk toplumynyň, durmuş we medeniýet ulgamynyň dürli pudaklaryny ösdürmäge, milli däp-dessurlary gorap saklamaga we dowam etdirmäge mynasyp goşant goşan we döwletimiziň we halkyň öňünde uly abraýa eýe bolan, köpýyllyk ak ýürekli zähmeti üçin uly hormata mynasyp bolan türkmenistanlylara sylaglary gowşurdy.

Şeýle hem indiki ýyl Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagyna 25 ýylyň dolýandygy göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirmek kararyna gelindi.

Forumda Aşgabat şäheriniň ýaşulularynyň hödürlemegi bilen, Rahman Gelliýew Ýaşulular maslahatynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy.

Maslahaty jemlemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy ýakyn we geljek döwürde hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýoluny, öňde durýan wezipeleri aýdyň kesgitledik. Öz öňümizde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmek bilen, ata Watanymyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak boýunça belent maksatlary goýduk. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe üstünlikli amala aşyrýan ähli işlerimiziň maksady mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan, eziz halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, nygtady.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki maslahatda biz döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky ýene-de bir möhüm meseläni — Garaşsyz döwletimiziň sarsmaz binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze taslamasyny işläp taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşdyk diýip aýtdy. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleri, şol sanda hormatly maslahata gatnaşdylar.

Şeýle hem döwlet Baştutany eger Ýaşulularyň maslahatynyň gün tertibine degişli meseleler boýunça teklipleriňiz bar bolsa, onda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasyna islendik wagt ýüz tutup bilersiňiz diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň