Top.Mail.Ru

Parižde özboluşly tehnologiýa şüweleňi geçýär

15:0116.06.2023
0
27607

Şu günler Fransiýanyň paýtagtynda dowam edýän tehnologik şowhunda meşhur suratkeş Wan Goguň «janly» nusgalygy bilen söhbet etmek, lukmanlar üçin ekzoskeletleri geýip görmek bolýar diýip, «Habar 24» ýazýar.

Täsin tehnologiýalaryň şüweleňinde dünýäniň dürli ýerlerinden startaplaryň 7 müňden gowragy bilen tanyşdyrylýar. Çäräniň geçýän binasynyň girelgesinde adamlary nusgawy niderland suratkeşi Winsent Wan Goguň wirtual keşbi garşylaýar. Oňa sowal bilen ýüzlenmek, dürli temalar boýunça pikir alyşmak mümkin. Bu taslamany işläp düzüji kompaniýa interaktiw diwarlyklary, muzeýleri bezemek we tematiki parklary döretmek bilen meşgullanýar. Onuň işgärleriniň geljekde toslanyp tapylan gahrymanlaryň wirtual nusgalaryny döretmek maksatlary bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň