Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow «7/24» elektron neşirinde Wepa Jumaýewiň näme üçin milli ýygynda çagyrylmandygy baradaky sowala jogap berdi:
― Ruslan Mingazow, Wepa Jumaýew dagynyň düzümde ýokdugy olaryň milli ýygynda çagyrylmandygyny aňladanok. Wepa Jumaýew babatynda ylalaşyldy. Futbolça öz toparynda gaty möhüm oýun garaşýar. Biz bolsa okuw-türgenleşiklerimize heniz FIFA-nyň günleri başlanmanka girişdik. Şonuň üçin ony häzirlikçe toparynyň ygtyýarynda goýmagy makul bildik ― diýip, baş tälimçi ýagdaý barada gürrüň berdi.
Mundan ozal ol «Turkmenportala» beren interwýusynda Ruslan Mingazowa dynç almak maksatly jogap berendiklerini aýdypdy.