«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» neşiriniň nobatdaky, 15-nji goýberilişi çapdan çykdy. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň gülläp ösmegine we halkyň bagtyýarlygyna gönükdirilen köpugurly döwlet işi, ýurtda durmuşa geçirilýän özgertmeler, şeýle hem 2021-nji ýylda bolup geçen wakalaryň ýyl ýazgylary beýanyny tapdy.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, kitap «Döretmek syýasaty — üstünligiň esasy» atly seljeriş häsiýetli giňişleýin makala bilen açylýar.
Neşiriň nobatdaky sanynda döwlet durmuşynyň 2021-nji ýyldaky möhüm wakalaryna giňişleýin syn berilýär. Kitapda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurduň welaýatlary boýunça amala aşyran iş saparlary, Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisleri, sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatlary, Mejlisiň maslahatlary, şeýle hem kabul edilen Kanunlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanlary, Kararlary we Buýruklary barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi habarlary esasynda gysgaça maglumatlar beýan edilýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçen 2021-nji ýylyň wakalarynyň ýyl ýazgylary Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanylyp, türkmen we rus dillerinde aýratyn kitap görnüşinde neşir edildi.