Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Britan alymlary «ýumurtga ilki döräpdirmi ýa towuk?» diýen sowala jogap tapdylar

10:4515.06.2023
0
28394

Britan alymlary ilki towuk bolupdyrmy ýa ýumurtga diýen sowala jogap tapdylar diýip, «Mirror» neşiri habar berdi.

Bristol uniwrsitetiniň Ýer barada ylymlar mekdebiniň işgärleri bu ugurda ýörite barlaglary geçirdiler. Munuň üçin 51 sany gazylyp alnan we 29 sany diri görnüşi öwrendiler, olar ýumurtgalaýanlar we diri dogurýanlar görnüşlerine degişlidir. Alnan maglumlatlary deňeşdirmek bilen, alymlar ýumurtgalaýanlaryň diri dogurýan jandarlardan gelip çykandygyny kesgitlediler.

Alymlar şeýle-de towuklaryň ata-babalarynyň asla ýumurtgalamandygyny anykladylar. Öň geçirilen barlaglar oňurgalylaryň bu görnüşiniň ýaşamaga ukyplylygynyň gaty gabykly ýumurtgada nesil öndürendikleri bilen baglydygyny anyklamaga mümkinçilik beripdi.

Şonuň üçin «towuk öň bolupdyrmy ýa ýumurtga?» diýen sowala alymlar ynam bilen «towuk» diýip jogap berýärler diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň