Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

11:5014.06.2023
0
18969
Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy
Surat: newscentralasia.net

13-nji iýunda Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory Gilbert F.Hungbo bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Halkara zähmet konferensiýasynyň 111-nji sessiýasynyň çäklerinde guraldy.

Duşuşykda taraplar Halkara zähmet guramasy bilen Türkmenistan Hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara zähmet guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2023-nji ýyl üçin Ýol kartasyny durmuşa geçirmek bilen bagly öňde durýan wezipeler barada pikir alşyldy. Şeýle-de Halkara zähmet guramasynyň wekiliýetleriniň Türkmenistana saparlaryny guramak bilen bagly meselelere hem seredildi.

Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory Türkmenistan Hökümetiniň ilaty durmuş taýdan goramak, iş üpjünçiligini we zähmet şertlerini yzygiderlili gowulandyrmak babatda durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň