Soňky habarlar

Arhiw

Eýran Serdar Azmunyň bir goly we bir assisti bilen Owganystanyň ýygyndysyny uly hasapda ýeňdi

23:5313.06.2023
0
26767

Şu gün Bişkek şäherindäki Dolen Omruzakow adyndaky stadionda CAFA Nations Cup-2023-iň ikinji tapgyrynyň çäginde Eýranyň ýygyndysy owganystanly futbolçylary 6:1 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykdaky ilkinji goly «Baýeriň» hüjümçisi Serdar Azmun 20-nji minutda geçirdi. Şondan bir minut soňra «Portunyň» hüjümçisi Mehdi Taremi hasaby 2:0-a çykardy. 26-njy minutda Taremi duşuşykda ikinji gezek tapawutlandy ― 3:0. Duşuşykda eýran ýygyndysynyň dördünji goluny Serdar Azmundan alan pasy bilen «Feýenoordyň» futbolçysy Alireza Jahanbahş geçirdi.

Ikinji ýarymyň başynda Mehdi Taremi duşuşykdaky üçünji goluny hem geçirdi. Owganystan bu gollara Farşad Nuruň owadan goly bilen jogap beren hem bolsa, eýranly futbolçy Reza Asadi ýygyndynyň altynjy goluny hem geçirip, duşuşygyň netijesini kesgitledi.

Bu duşuşykdan soňra Eýranyň ýygyndysy «B» toparçanyň başyna geçip, gyrgyz ýygyndysy bilen bilelikde CAFA Nations Cup-2023-iň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Toparçada birinji ornuň gutarnykly eýesi 16-njy iýunda Eýranyň we Gyrgyz Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek duşuşykdan soň belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň