ÝTÖB Türkmenistanda mugt Tejribelik maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

11:4613.06.2023
0
31876

Türkmenistanda kiçi we orta kärhanalaryň wekilleri üçin täze hem-de özboluşly Tejribelik maksatnamasyna mugt gatnaşmak mümkinçiligini hödürleýär.

Bu maksatnama ýurduň iň ökde talyplarynyň we ýaş hünärmenleriniň hataryna gönüden-göni goşulmaga mümkinçilik berýär.

Eger-de siz öz kompaniýaňyz üçin zehinli, höwesli we gujurly işgär gözleýän bolsaňyz, onda Tejribelik programmasy ýönekeý we siziň işiňiz üçin peýdaly:

  • Ýokary hilli seçip alyş: hünärmenler tejribelik geçjek diňleýjileri bilimlerini, başarnyklaryny we özüne ynamyny göz öňünde tutup, üns bilen saýlaýarlar. Siz deslapky barlagdan we seçip almadan geçen we işiňize goşant goşmaga taýyn adamlar bilen işleşmäge mümkinçilik alarsyňyz.
  • Diňleýjileri taýýarlamak: tejribelik geçjek diňleýjileriň hemmesi işe başlamazdan ozal taýýarlyk okuwlaryny geçýärler, bu olara täze iş gurşawyna netijeli uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär. Siz işleri ýerine ýetirmek üçin eýýäm esasy bilimleri we başarnyklary bolan işgärleri alarsyňyz.
  • Siziň işgärleriňizi mugt taýýarlamak: siziň işgärleriňiz — halypalar tejribelik geçýän diňleýjiler bilen işleşmegiň okuwyny geçerler we usulyýet kömegini alarlar.
  • Çeýelik: Maksatnama tejribeligi guramak üçin çeýe çemeleşmäni hödürleýär. Siz iş tertibiňizi we diňleýjiniň haýsy wezipeleri ýerine ýetirjekdigini kesgitläp bilersiňiz.
  • Netijeliligi ýokarlandyrmak: diňleýjiler siziň işiňize täzelige itergi berjek hem-de öndürijiligi ýokarlandyryp biljek täze ideýalary we garaýyşlary getirýärler.
  • Işe almazdan ozal «Test-draýw»: bu geljekki işgärleriňizi kompaniýaňyzda doly hukukly wezipe hödürlemezden ozal «synap görmek» üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Tejribelik maksatnamasyna gatnaşmak üçin 20-nji iýuna çenli arza tabşyrmaly. Maksatnama gatnaşmak mugt bolup, ol Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň