Top.Mail.Ru

IATA: Ýewropada golaý 10-15 ýylda awiapetekleriň nyrhy arzanlamaz

16:2012.06.2023
0
27737

Ýewropada awiapetekleriň sany golaý 10-15 ýylda arzanlamasa gerek, bu ýagdaý Ýewropa Bileleşiginiň kompaniýalara zyýanly galyndylaryň möçberlerini 2050-nji ýyla çenli nol derejä ýetirmek barada talaplary bilen hem baglydyr.

Bu barada Howa ulaglarynyň Halkara assosiasiýasynyň (IATA) başlygy Willi Uolş «Corriere della Sera» italýan gazeti bilen söhbetdeşliginde aýtdy diýip, «Report.az» neşiri ýazýar.

«Bu Ýewropadaky kompaniýalaryň has köp ekologiýa taýdan arassa ýangyjy ulanmaga mejbur bolmagy bilen baglydyr, netijede, olar has ýokary işewürlik çykdajylaryny çekmäge mejbur bolarlar. Men häzirki wagtda ýangyç üçin çykdajylaryň öwezini dolmak üçin çykalga görmeýärin» diýip, ol aýtdy.

Uolş ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň awiasion kerosinden gymmatdygyny, munuň üçin bolsa sarp edijileriň tölemeli boljakdygyny belledi.

Ol şeýle-de petekleriň bahalarynyň gymmatlamagynyň islege täsir etjekdigini duýdurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň