Beýik britaniýaly müsüri öwreniji alymlar rowaýaty faraon Tutanhamonyň igli we ejiz ýetginjek bolandygyny ýalana çykardylar, tersine, ol güýçli we söweşlerde taplanan esger bolupdyr. Hünärmenler Tutanhamonyň maýypdygy, aýratyn hem ýasydaban bolandygy barada 2010-njy ýylda arheologlar tarapyndan öňe sürlen ylmy netijäni tassyklaýan hiç hili subutnamanyň ýokdugyny belleýärler.
Müsüri öwreniji Sofiýa Aziz Tutanhamonyň esasan hem ýasydaban bolandygy baradaky çaklamalary ýalana çykarýar. Galyberse-de, Tutanhamonyň mazaryndan tapylan köpsanly taýaklaryň onuň hasasy däl-de, patyşalyk derejesini gorkezýän nyşanlardygy alymlar tarapyndan bellenýär.
Alymlar şeýle hem meşhur şahsyýetiň harby söweşlere gatnaşandygyny hem-de örän güýçli serkerde bolandygyny nygtaýarlar. Muňa onuň mazaryndan tapylan harby egin-eşiklerdir dürli ýaraglar güwä geçýär diýip, «Daily Mail» neşiri ýazýar.