Soňky habarlar

Arhiw

AŞTU hususy kärhanalara «Ethernet» şahsy lokal toruny döredip bermek hyzmatyny hödürleýär

09:2410.06.2023
0
37303

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti türkmen telekeçilerine Aşgabat şäheriniň çäginde öz ofisleriniň we bölümleriniň arasynda maglumat alyşmak üçin «Ethernet» şahsy lokal torlary döretmek hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär.

«Ethernet» lokal torunyň görnetin tapawutly aýratynlygy bolup, onda kärhananyň ähli iş enjamlary (kompýuterler, kassa enjamlary we beýlekiler) bilelikde birbada ulanyp bolýan aragatnaşyk kanalyna baglanýar. Şeýle-de «Ethernet» tory häzirki wagtda satuwlary dolandyrmaga, dogry dolandyryş çözgütlerini kabul etmekde müşderileriň isleglerine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde bolsa, internete birikdirilmedik şahsy aragatnaşyk çygrynda ýokary tizlikli maglumat tory döredilýär.

«Ethernet» ulgamynyň enjamlaşdyrylyşy çylşyrymly senagat torlary bilen deňeşdirilende bahasynyň elýeterliligi bilen tapawutlanyp, diňe bir uly işewürlik üçin däl-de, eýsem kiçi hem-de orta telekeçilik üçinem oňyn çözgütdir.

Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin kärhananyň ofisine baryp, degişli hyzmaty gurnamagyň şertnamasyny baglaşmalydyr. AŞTU-nyň hyzmatlaryndan agts.tv resmi web saýty, şeýle-de «AppStore» we «Google Play» internet dükanlarynda elýeterli bolan «AŞTU» mobil goşundysy arkaly peýdalanyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň