Soňky habarlar

Arhiw

Alpinistler Eweresti zibilden arassalamaga çagyrýarlar

10:0408.06.2023
0
23149
Alpinistler Eweresti zibilden arassalamaga çagyrýarlar
Surat: bigpicture.ru

Daga münüjiler Nepalyň häkimiýetlerini Ewerest dagyny zibilden goramaga çagyrýarlar diýip, «Habar 24» ýazýar.

Amerikaly Garret Medison dünýäniň iň belent depesine eýýäm 13-nji gezek çykýar, onuň sözlerine görä, her ýyl Ewerestiň eňňitlerinde zibil köpelip gidip otyr. Olar, esasan, jahankeşdeler tarapyndan taşlanan döwük çadyrlar, iýmit galyndylary we plastik torbalardyr.

Häzir alpinistleriň topary daga münmezinden öň zibil üçin 4 müň dollar möçberinde töleg tölemeli edildi. Eger her jahankeşde ýany bilen 8 kilogram zibil getirse, puly gaýdyp berýärler. Emma bu şerti daga münüjileriň diňe ýarysy berjaý edýär.

Geçen ýyl Ewerestde we onuň töwereklerinde 13 million tonna zibil ýygnaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň