Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurda getirilmegine garşy alnyp barylýan göreşi güýçlendirmegi tabşyrdy

21:5607.06.2023
0
38739

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurda getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagy tabşyrdy. Bu barada türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde içeri işler ministri Muhammet Hydyrow döwlet serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlarynda guralan çäreleriň netijeleri, ýurduň çägine bikanun ýollar bilen getirilen we ele salnan önümler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hukuk bozulmalaryny eden raýatlara milli kanunçylyga laýyklykda degişli çäreler görüldi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň zerurdygyny belledi.

«Ýurdumyz dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işe öz goşandyny goşmaga çalyşýar, temmäkä garşy göreşmekde netijeli hereketler ýaýbaňlandyrylyp, alnyp barylýan döwlet syýasaty esasynda bu iş has-da giň gerime eýe boldy» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Bu babatda türkmen jemgyýetinde çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak boýunça anyk çäreleri görmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

«Temmäki önümleriniň bikanun söwdasynyň doly aradan aýrylmagyna gönükdirilen we bu önümleriň ýurdumyzyň çägine getirilmegine berk gözegçiligi, öňüni alyş-hukuk çärelerini göz öňünde tutýan işi güýçlendirmek zerurdyr» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu serişdeleriň bikanun ýaýradylmagynyň, ulanylmagynyň, ýurduň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça ugurdaş harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde zerur işleri dowam etdirmegi ministre tabşyrdy.

Türkmenistanda çilimkeşlige garşy göreş 1998-nji ýylda, temmäki önümleriniň mahabatyny gadagan etmek arkaly başlandy. Şondan biraz soňra ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde çilim çekmek gadagan edildi. 2000-nji ýylda bolsa köçede, jemgyýetçilik ýerlerinde, edara binalarynda we harby desgalarda çilim çekmek gadagan edildi. Iki ýyl soňra sürüjileriň ulagda çilim çekmeklerine gadaganlyk girizildi.

Türkmenistan 2011-nji ýylda BSGG-niň Temmäkiniň üstünden gözegçilik etmek baradaky konwensiýasyna goşuldy. Geçen ýyl bolda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň