Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Rus diliniň halkara güni we A.S.Puşkiniň doglan güni mynasybetli baýramçylyk çäresini gurady. Dabarada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýsewa Türkmenistanda rus medeniýetine berýän goldawy üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi diýip, «CentralAsia.news» habar berdi.
Medeni-dynç alyş çäresinde dabaranyň myhmanlaryna «Balykçy we balyjak barada erteki» atly interaktiw tomaşa görkezildi. Şol bir wagtyň özünde, dynç alyş ýerinde ýaş türkmen raýatlary beýik şahyryň eserini bilmek üçin çekeleşikli bäsleşige, soňra bolsa kagyzdan guw we gaýyk ýasamak ukyby boýunça guralan ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar.
Ýuliýa Zaýsewanyň belleýşi ýaly, rus dili dünýäde iň meşhur dilleriň biri, BMG-niň, Internetiň we dünýä medeniýetiniň dili. Diplomatyň aýtmagyna görä, häzirki wagta çenli Türkmenistanda rus dilini öwredýän 70 mekdep bar we türkmen ýaşlarynyň köpüsi Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýar.
— Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmenabatdaky mugallymçylyk institutynda rus dili we edebiýaty kafedralary we fakultetleri hereket edýär. Biz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa bu güneşli we myhmansöýer ýurtda rus medeniýetine hem-de rus diline berilýän goldaw üçin çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris — diýip, Zaýtsewa belledi.