Soňky habarlar

Arhiw

Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler

13:2006.06.2023
0
23870
Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler
Surat: flickr.com

5-nji iýunda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň geňeş agzalary bilen duşuşyk geçirdi. Oňa Duşanbe şäherine sapar bilen baran, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy Annageldi Ýazmyradow gatnaşdy.

Surat: flickr.com

Täjigistanyň Lideri, maslahata gatnaşyjylary Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady we soňky ýyllarda Gaznanyň daşky gurşaw we durmuş-ykdysady meseleleri çözmekde döredilen birleşme hökmünde öz ähmiýetini barha artdyrýandygyny belledi. Gaznanyň amala aşyrýan işleriniň netijesinde suw we sebitleriň ekologiýa we durmuş-ykdysady meseleleri oňyn çözgüt tapdy.

Surat: flickr.com

Şeýle hem Prezident Emomali Rahmon suw baýlyklaryndan peýdalanmakda, esasanam oba hojalygynda, suwy tygşytlaýyş tehnologiýalaryny we amatly suwaryş usullaryny ornaşdyrmakda özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge çagyrdy.

Bellenişi ýaly, häzirki wagtda planetamyzda howanyň üýtgemegi we adatdan daşary bolýan tebigy betbagtçylyklar sebäpli dürli kynçylyklar ýüze çykýar. Bu bolsa daşky gurşawa abanýan howplara garşy agzybirlikde göreşmegi talap edýär.

Duşuşygyň ahyrynda 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Duşanbe şäherinde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň geçiriljekdigine ynam bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň