Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty geçiriler

11:5406.06.2023
0
21686

Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysy ertir ― 7-nji iýunda Gazagystanyň Astana şäherinde geçiriljek Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatyna gatanaşar. Ýurduň 41 adamdan ybarat wekiliýetinde 36 türgen bar.

Ertir başlanjak çempionat 11-nji iýuna çenli dowam eder. Bu ýerde uly ýaşly türgenler bilen bir hatarda ýetginjekleriň, ýaşlaryň, körleriň we çala görýänleriň arasynda hem tutluşyklar geçiriler.

Şu gezekki yklym çempionaty iki aýratynlyga eýe bolar. Olaryň birinjisi ilkinji gezek mümkinçiligi çäkli türgenleriň ýaryşynyň geçirilmegi bolsa, ikinjisi zenanlaryň arasynda ilkinji gezek söweş sambosy boýunça tutluşyklaryň maksatnama girizilmegidir.

Çempionata türkmenistanly türgenlerden başga-da, Awstraliýanyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Hindistanyň, Indoneziýanyň Iordaniýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Koreýanyň, Gyrgyzystanyň, Malaýziýanyň, Mongoliýanyň, Nepalyň, Täze Zelandiýanyň, Palestinanyň, Saud Arabystanynyň, Täjigistanyň, Tailandyň, Özbegistanyň, Filippinleriň we Ýaponiýanyň milli ýygyndylary gatnaşar.

Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty samboçylaryň Garyşyk söweş sungatynyň bütindünýä oýunlaryna gatnaşmagy üçin saýlama tapgyr bolup durýar. Bu halkara oýunlar Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde 21 — 30-njy oktýabr aralygynda geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň