Soňky habarlar

Arhiw

«Gujurly Bilim merkezi» Türkmenistandaky üçünji şahamçasyny açdy

14:2505.06.2023
0
25824

Daşary ýurt dillerini, kompýuter sowatlylygyny hem-de matematikany öwredýän «Gujurly Bilim merkezi» hususy bilim merkezi 1-nji iýunda Änew şäherçesinde ýerleşýän täze şahamçasyny açdy.

Iňlis dili we rus dili ýaly daşary ýurt dilleri, şeýle-de kompýuter sowatlylygy boýunça okadylýan maksatnama dürli bilim derejesini nazarda tutup, başlangyçdan has kämil derejä çenlidir. Matematika okuwlary bolsa çagalar we ulular üçin diýen kurslara bölünýär.

Bilim merkezinde geçilýän okuwlaryň esasy tapawutly aýratynlyklarynyň biri-de, bu ýere islendik ýaşdaky isleg bildirýänler gatnap bilýär. Bu ýerde çagalar 9 ýaşdan kabul edilýär.

«Gujurly Bilim merkezi» okuw hyzmatlarynyň ýokary hilli geçirilmegini doly derejede üpjün edýär. Bilim merkezinde hünär taýdan ýokary taýýarlygy hem-de köp ýyllyk tejribesi bolan, şeýle-de pedagogika bilimlerini kämil bilýän hünärmenler okadýarlar.

Häzirki wagtda bilim merkeziniň ähli üç şahamçasynda-da tomusky okuwlara ýazylyşyk dowam edýär. Okuwlar 12-nji iýunda başlanyp, üç aýlap dowam edýär.

Okuwlara ýazylmak üçin ýanyň bilen dogluş hakyndaky şahadatnamanyň ýa-da pasportyň nusgasyny getirip, deslapdan okuwyň ilkinji möwsüminiň tölegini tölemeli. Bir maşgaladan bolan çagalar hem-de bilimdir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin ýeňillikli nyrhnamalar ýetirilýär.

«Gujurly Bilim merkeziniň» Änew şäherçesindäki salgysy:

  • Azatlyk köçesi, 15-nji jaý. Goşmaça maglumat üçin telefon belgisi: 64 88 55.

Bilim merkeziniň Aşgabat şäherinde ýerleşýän şahamçalarynyň salgylary:

  • Magtymguly şaýoly, 73-nji jaý. «Türkmenistan» söwda merkezi (Uniwermag), 3-nji gat; Telefon belgileri: (+993 12) 94 28 00, (+993 12) 94 27 55, (+993 12) 94 29 07;
  • Parahat 1 ýaşaýyş toplumy, 1953-nji köçe (Molodýožnaýa), 144-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 45 45 46, (+993 12) 45 45 470, (+993 12) 45 57 47.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň