Daşary ýurt dillerini, kompýuter sowatlylygyny we matematikany öwrenmek boýunça okuw merkezi «Gujurly Bilim» üçünji şahamçasyny açýar.
«Gujurly Bilimiň» nobatdaky nokady Aşgabadyň eteginde – Änew şäherinde açylar. Açylyş dabarasy mynasybetli türkmen estrada ýyldyzlarynyň we sirk artistleriniň çykyşlaryny öz içine alýan baýramçylyk maksatnamasy taýýarlanyldy. Çäräniň myhmanlaryna, şol sanda iň körpejelere hem, baýraklar goýlan dürli bäsleşikler hem-de köp mukdarda doňdurma garaşýar.
Açylyş dabarasy 1-nji iýunda sagat 18:00-da Änew şäheriniň Azatlyk köçesiniň 15-nji jaýynda geçiriler. Giriş ähli isleg bildirýänler üçin mugt. Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgisi: 64 88 55.
Hususy bilim merkezi bolan «Gujurly Bilim merkezi» daşary ýurt dillerini (iňlis, rus, nemes, hytaý), matematikany we kompýuter sowatlylygyny öwrenmek boýunça gysga möhletli okuwlary geçirýär.
Merkeziň üç şahamçasynda hem tomusky okuw möwsümine ýazylyşyk eýýäm başlandy. Ýazylmak üçin dogluş hakynda şahadatnamanyň ýa-da pasportyň göçürmesi we tölegiň doly geçirilendigi hakynda kepilnama bolmaly.
«Gujurly Bilim» merkeziniň Aşgabatdaky salgylary:
- Magtymguly şaýoly, 73, «Türkmenistan» söwda merkezi (Uniwermag) 3-nji gat, telefonlar (+993 12) 94 28 00, (+993 12) 94 27 55, (+993 12) 94 29 07;
- Parahat-1 kiçi etrapçasy, 1953-nji (Molodýožnaýa) köç., 144, telefonlar (+993 12) 45 45 46, (+993 12) 45 45 470, (+993 12) 45 57 47.