Soňky habarlar

Arhiw

TSTB-niň agzalary «Food Stambul Expo 2023» halkara sergisine gatnaşarlar

14:1805.06.2023
0
24227

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Türkiýede geçiriljek «Food Stambul Expo 2023» halkara sergisine gatnaşarlar. Azyk senagatynyň iň uly sergileriniň biri 12 — 14-nji iýulda Stambulyň «Istanbul Expo Center» meýdançasynda geçiriler.

Sergä Türkmenistandan «Arçalyk», «Kilwan», «Altyn Ýunus», «Parasatly», «Balşeker», «Ak Gar», «Mähriban-Merw», «Täze Aý», «Balam», «Sada», «Tükel», «Mekan», «Misgar», »Altyn Şöhle» ýaly kärhanalar gatnaşar.

«Food Istanbul Expo 2023» dünýäniň azyk pudagynda iň abraýly ýyllyk çäreleriň biridir.

«Food Istanbul Expo 2023» sergisinde içgi, konditer, azyk önümleri, gaplamak, şeýle hem bölek enjamlar we dükan dizaýnynda gazanylan üstünlikleri görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň