Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerini gutlady

11:1005.06.2023
0
17911

Şu gün — 5-nji iýunda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine, ähli türkmen halkyna Gutlag iberdi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany:

— Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri! Eziz watandaşlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deýin gorap gelipdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ekologik abadançylyga möhüm ähmiýet berlip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde bellenen meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär — diýip belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, her ýyl ählihalk bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi ýurduň bagy-bossanlyga bürelmegine, halkyň gözel tebigata bolan söýgüsiniň artmagyna uly ýardam edýär. Häzirki döwürde ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigaty aýawly saklamak boýunça döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Uly maksatlary nazarlaýan bu işleriň netijesinde, Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňelýär. Hazar deňziniň tämiz howaly kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga oňaýly täsirini ýetirýär.

— Adamzadyň durnukly ösüşi we ekologik howpsuzlyk halkara hyzmatdaşlyk bilen pugta baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär. Bu ugurda biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalyk boýunça guramasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly köp sanly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýarys hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýäris — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda ýazýar.

Döwlet Baştutany Gutlagynyň ahyrynda:

— Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri! Eziz watandaşlar! Sizi Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, gözel Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny geljek nesiller üçin gorap saklamak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin — diýip nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň