N.Amannepesow Çolpan ata forumynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi

18:3702.06.2023
0
26245

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu gün Gyrgyzystanyň Çolpan ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýewropa Bileleşiginiň döwlet Baştutanlarynyň Ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle-de bu duşuşyga Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Prezidenti Şarl Mişel gatnaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, wise-premýer N.Amannepesow öz çykyşynda sebit we halkara derejesinde strategiki hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga, sebitiň ulag-logistiki mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilen işleri ilerletmekde gepleşikleriň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki duşuşygyna möhüm ähmiýetiň degişlidigine ünsi çekdi. Gyrgyz elektron neşirlerinde habar berlişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy sebitiň ýurtlarynyň Ýewropa Bileleşigi bilen saglygy goraýyş, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlary boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde baý tejribä eýedikilerini, munuň bolsa geljekde köptaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge hyzmat etjekdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň