Ispaniýanyň «Sewilýa» topary ýedinji gezek Ýewropa ligasynyň çempiony boldy

13:5001.06.2023
0
30167

Ispaniýanyň «Sewilýa» futbol kluby Italiýanyň «Roma» toparyny oýundan soňky 11 metrlik urgularda ýeňlişe sezewar edip, Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy. Ýaryşyň final oýny penşenbe güni agşam «Budapeşt» şäherindäki «Ferens Puşkaş» stadionynda geçirildi.

Oýnuň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. 35-nji minutda «Romanyň» argentinaly wingeri Paulo Dibala toparyny hasapda öňe çykardy. Emma 55-nji minutdaky Janluka Mançininiň awtogoly sebäpli italýan topary ýeňşi elden çykardy.

Oýundan soňky 11 metrlik urgularda bolsa 4:1 hasabynda «Sewilýa» rüstem geldi.

Ýeri gelende bellesek, «Sewilýa» öz taryhynda ýedinji gezek Ýewropa ligasynyň çempiony bolmagy başardy. Bu ugurdaky rekordy özünde saklaýan «Sewilýa» şu wagta çenli 2006-njy, 2007-nji, 2014-nji, 2015-nji, 2016-njy hem-de 2020-nji ýyllarda ýaryşyň çempiony bolupdy.

Mundan başga-da, «Sewilýanyň» Ýewropa ligasynda çempion bolmak arkaly 2023/24-nji ýyllaryň futbol möwsüminde ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyrynda oýnamaga hukuk gazanandygyny bellemek gerek

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň