Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda saparda bolýan ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Mariýa Şmidi kabul eder. 31-nji maýda Şmid ýurduň daşary syýasat edarasynda daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirýän W.Hajiýew, şeýle hem Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen duşuşdy.
Saparynyň dowamynda Baş sekretar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşar.
Umuman, ÝHHG-niň Baş sekretarynyň 31-nji maýdan 8-nji iýuna çenli aralykda Türkmenistanda, Gyrgyzystanda we Gazagystanda saparda bolup, ýokary derejeli hökümet işgärleri, parlamentariler we raýat jemgyýetiniň wekilleri, şeýle hem ÝHHG-niň wekilhanalary bilen hem duşuşyklary meýilleşdirilýär.