Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Tähranda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnama gol çekdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Jarnamada dostlukly we ynanyşykly ýagdaýda geçen duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy, parlamentara, söwda, ulag, energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ähli ugurlary boýunça pikir alşylandygy nygtalýar. Şeýle-de resminamada iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nazara almak bilen, iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýän ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy bellenildi.
Mundan başga-da, ozal habar berşimiz ýaly, iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň degişli düzümleriniň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça täze resminamalaryň 5-sine gol çekildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary dowam edýär.