Ahmet Ataýew tälimçiligiň «A» derejesi boýunça okuwlara gatnaşýar

14:0230.05.2023
0
35855

«Altyn asyryň» kapitany Ahmet Ataýew tälimçiligiň «A» derejeli ygtyýarnamasyny almak üçin Aşgabatda geçirilýän okuwyň birinji tapgyryna gatnaşýar.

TFF-niň resmi saýty okuwlary Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde guraýandygyny habar berdi.

«Köpetdag» stadionynda geçirilýän tälimçilik kursunyň gözükdirijisi hökmünde ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi, AFK-nyň gözükdirijisi Röwşen Muhadow çykyş edýär.

Tälimçilik okuw-ýygnanyşygyna ýerli futbol hünärmenleriň 24-siniň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

AFK-nyň “A” derejeli ygtyýarnamasyny almak üçin tälimçilik kursunyň birinji tapgyry 5-nji iýuna çenli dowam eder. Onuň ilkinjisi şu ýylyň iýun aýynyň 14-24-i aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň