Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

22:0629.05.2023
0
26236
Serdar Berdimuhamedow koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, işewür türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli kabul edilendigi hem-de ikiçäk söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhman bilen mähirli görşüp, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady hem-de türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana şu gezekki saparynyň türkmen kärdeşleri bilen anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin oňyn mümkinçilik açjakdygyna ynam bildirildi. Iri koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda üstünlikli işleýändikleri, iri taslamalaryň, şol sanda gaz we himiýa senagatynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary bellenilip, mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk, täze ugurlara çykmak üçin uly kuwwatyň bardygy nygtaldy.

Himiýa senagaty hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda bu ugurda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar üstünlikli hyzmatdaşlygyň oňyn mysaly hökmünde görkezildi. Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, fosfor, ammiak hem-de karbamid dökünlerini öndürmek boýunça taslamalary düzmek we olary gurmak boýunça koreý hyzmatdaşlarynyň tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we onuň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju ikitaraplaýyn özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygyň geljekde-de uzak möhletleýin esasda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň