Mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin ýörite bilim edaralaryna ýollanylýanlaryň we doly döwlet üpjünçiliginde saklanylýanlaryň Toparlary tassyklandy

16:4029.05.2023
0
19782

Türkmenistanyň bilim ministriniň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde çykaran 198/218 belgili bilelikdäki buýrugy boýunça «Umumy kysymdaky bilim edaralaryna gatnap bilmeýän, saglyk ýagdaýlary sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin ýörite (dikeldiş) bilim edaralaryna (synplara‚ toparlara) ýollanylýanlaryň we doly döwlet üpjünçiliginde saklanylýanlaryň Toparlaryny tassyklamak hakynda» 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda rejelenen görnüşinde kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji maddasynyň on birinji bölegine laýyklykda, buýruk çykaryldy.

Oňa laýyklykda, umumy kysymdaky bilim edaralaryna gatnap bilmeýän, saglyk ýagdaýlary sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin ýörite (dikeldiş) bilim edaralaryna (synplara‚ toparlara) ýollanylýanlaryň we doly döwlet üpjünçiliginde saklanylýanlaryň Toparlary Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.

Hukuk namalary bilen şu salgydan doly tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň