Täjigistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynda SSKA «Hujandy» 2:0 hasabynda ýeňdi. SSKA-nyň türkmenistanly hüjümçisi Süleýman Muhadow bu duşuşyga gatnaşmady.
Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Istiklol» Bohtar şäherinde ýerli «Hatlondan» 3:1 hasabynda üstün çykyp, liderligini dowam etdirdi. Indi topary 23 utugy bar.
Kulýabyň «Rawşany» Farhoryň «Hosilotyny» 2:0 hasabynda ýeňip, utugyny 17-ä, özüni bolsa ikinji basgançaga göterdi.
Üçünji orundaky «Eshatanyň» 16, Süleýman Muhadowyň toparynyň 14, «Kuktoş» bilen «Faýzkandyň» bolsa 13 utugy bar.