TÝL: şu gün dokuzynjy tapgyr başlanar

10:2626.05.2023
0
22474

26-27-nji maý günleri futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynda dokuzynjy tapgyryň oýunlary geçiriler. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.

Sekiz tapgyrdan soňra 21 utuk toplan «Arkadag» topary turnir tablisasynda liderlik edýär. Ikinji we üçünji ýerleri bolsa hersi 14 utukdan toplan «Altyn asyr» we «Köpetdag» paýlaşyp durlar. Turnir tablisasynyň iň soňky ornuny bolsa 3 utuk toplan «Ahal» eýeläp dur.

TÝL, 9-njy tapgyr.

26-njy maý, anna

  • 18:00 / «Arkadag» — «Ahal»

27-nji maý, şenbe

  • 18:00 / «Aşgabat» — «Köletdag»
  • 18:00 / «Energetik» — «Altyn asyr»
  • 18:15 / «Nebitçi» — «Mere»
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň