Soňky habarlar

Arhiw

«Daýhanbank» POS-terminallarynyň sany boýunça Türkmenistanda ilkinji orunda

12:4925.05.2023
0
28950

POS-terminallarynyň sany boýunça Türkmenistanyň banklarynyň sanawy mälim edildi. 2023-nji ýylyň maý aýynyň başyndaky ýagdaýa görä, bu ugurda ýurt boýunça «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky öňdeligi eýeledi diýip, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi saýty habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, «Daýhanbank» DTB-niň 9 043 sany POS-terminaly bar. Bu görkeziji boýunça ikinji orunda «Türkmenistan» DTB (8 092), üçünji orunda bolsa «Halkbank» PTB (7 729) durýar.

«Daýhanbank» PTB-niň POS-terminallary, esasan, ýurduň sebitlerinde gurnalandyr. Olaryň köpüsi bolsa ýurduň Lebap (2 566), Mary (2 006) we Daşoguz (1 745) welaýatlarynda ýerleşýär.

Şunuň bilen deňeşdirmek üçin mysala ýüzlensek, sanawda öňdeligi eýeleýän beýleki banklaryň — «Türkmenistan» hem-de «Halkbank» banklarynyň POS terminallarynyň aglabasy Aşgabatda gurnalandyr. Olara degişlilikde 3 383 hem-de 2 433 sany POS terminal degişli.

2023-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna görä, POS terminallarynyň sany boýunça Türkmenistanyň banklarynyň sanawy:

  • «Daýhanbank» DTB – 9 043;
  • «Türkmenistan» DTB – 8 092;
  • «Halkbank» PTB – 7 729;
  • «Türkmenbaşy» PTB – 5 585;
  • «Senagat» PTB – 4 610;
  • «Rysgal» PTB – 4 032;
  • Türkmen-türk PTB – 1 775;
  • TDYDIB – 1 213.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň