Çempionlar ligasynyň final duşuşygynyň eminleri belli boldy

15:2824.05.2023
0
19009

UEFA polşaly hünärmen Şimon Marsinýakyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygynyň baş emini boljakdygyny habar berdi. Italiýanyň «Interi» bilen Angliýanyň «Mançester Sitisiniň» arasyndaky bu duşuşyk Stambul şäherinde geçiriler.

10-njy iýun güni şäherdäki Atatürk Olimpiýa stadionynda geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanar.

Marsinýakyň kömekçileri Pawel Sokolniskiý bilen Tomaş Listkewiç bolar. Duşuşygyň VAR eminligi Tomaş Kwýatkowskä, dördünji eminligi Iştwan Kowaça (Rumyniýa), AVAR germaniýaly eminler Bartoş Frankowskiý bile Marko Frise ynanyldy.

Duşuşyk «Matç TW» teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda alnyp görkeziler.

Şimon Marsinýakyň karýerasynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň finalynda jürlewük çaljakdygyny aýtmak gerek. Ol geçen ýylyň dekabr aýynda Katarda dünýä çempionatynyň hem final duşuşygynyň baş emini bolupdy.

Ýarym finalda «Milany» ýeňen «Inter» bilen «Realy» ýeňen «Mançester Sitiniň» ýaryşyň finalyna çykandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň