Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Aý textil» türkmen kärhanasy ýokary hilli jorap önümlerini öndürýär

10:5824.05.2023
0
38140

Halkara hil ülňülerine laýyk gelýän pagta we bambukdan jorap öndürmek «Aý textil» hususy kärhanasynyň esasy iş ugrudyr.

Kompaniýanyň çagalar we ulular üçin niýetlenen önümleri köpdürlüligi we elýeterli bahalary bilen tapawutlanýar. Dürli reňk öwüşginleri we ýerleşdirilýän şekiller müşderilere giň saýlaw mümkinçiligini hödürleýär. Öndürijiniň esasy aýratynlygy – müşderiniň şahsy haryt nyşanynyň şekili ýerleşdirilen jorap öndürmegidir.

Bölek satuw, şeýle-de lomaý görnüşde ýerlenilýän harytlary öndürmekde döwrebap enjamlar peýdalanylýar. Ulanylýan ekologiýa taýdan arassa çig malyň ýokary hilli bolmagy we jorap önümçiliginde materialyň öndürilişiniň özboluşly dokalyş usulynyň peýdalanylmagy olaryň ýokary derejede berkligini, ýuwulmaga (reňki solmaýar) we dürli sürtülmelere (geýilende) çydamlylygyny üpjün edýär, şeýle hem olar çyglylygy siňdirmek boýunça gowy netijelere eýe.

«Aý textiliň »önümleri bilen kärhananyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän Gündogar bazaryndaky «Altyn asyr» (D1 1122) ýöriteleşdirilen dükanynda tanşyp hem-de satyn alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň