Italiýanyň demirgazygyndaky Emiliýa-Romanýa sebitinde 15-nji maýdan bäri yzyny kesmän ýagýan çabgalar sebäpli, güýçli sil joşgunlarydyr suw süýşgünlerinde 8 adam pida boldy diýip, CNN teleýaýlymynda salgylanýan «Belta.by» ýazýar.
Ýerli häkimiýetleriň sözlerine görä, sebitdäki derýalaryň suwunyň derejesi gitdigiçe ýokarlanýar, netijede, 13 müňden gowrak adam göçürildi.
Sebitiň käbir ýaşaýjylary halas bolmak üçin öýleriniň üçegine çykdylar, olary dikuçarlardyr rezin gaýyklaryň kömegi bilen halas etmeli boldy.
Sebitde ýagdaýy yzyny kesmän ýagan ýagyşlar hem kynlaşdyrdy. Emiliýa- Romaniýanyň wise-prezidenti Iren Priolo ýagynyň ýagmagynyň gowşandygyny, emma derýalaryň suwuny ýokarlanmagynyň dowam edýändigini habar berdi.
ANSA habarlar gullugy dört adamyň dereksiz ýitendigini habar berýär. Şäherleriň köpüsiniň ýollaryny suw basdy, ulaglaryň hereketi bozuldy. Binalar suwa gark boldy. Okuwlar ýatyryldy, otlularyň hereketi wagtlaýyn togtadyldy.
Ýerli häkimiýetler ýagdaýa bütin taryhda iň howply diýip baha berdiler.