Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýinde «Adyl kanunymyz, ýaşyl Tugumyz» atly medeni çäre geçirildi. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.
Oňa Türkmenabat goşungalasynyň harby gullukçylary, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik işgärleri hem-de Türkmenabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar
Ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, merdana pederlerimiziň şöhratly ýoly bilen tanyşdyrmak, döwletlilik ýörelgelerine wepalylyk häsiýetlerini terbiýelemek, Çäre bu ýere ýygnanalarda aýratyn uly täsirler galdyrdy.
Teatr artistleriniň döwletiň Konstitusiýasy, Döwlet baýdagy baradaky teatrlaşdyrylan sahnalary çärä gatnaşýan Watan goragçylarynyň hem-de ýaş nesilleriň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrdy.