«Mançester Siti» Çempionlar ligasynyň finalynda «Interiň» garşydaşy bolar

09:2718.05.2023
0
14362

UEFA-nyň Çempionlar Ligasynda finalda çykyş etjek 2-nji klub hem belli boldy. Mançesterdäki «Etihad» stadionynda oýnalan ýarym finalyň jogap duşuşygynda «Mançester Siti» topary bu kubogy iň köp gazanan «Real Madridi» «derbi-dagyn etdi».

Turuwbaşdan hüjümler bilen başlan «Mançester Siti» her ýarymda 2 gol geçirip, taryhynda 2-nji gezek finala çykdy. 1-nji ýarymdaky gollary 23-nji we 37-nji minutlarda Bernardo Silwa geçirdi. 2-nji ýarymda-da Manuel Akanži bilen oýna soň giren Hulian Alwares derwezä girizdi. «Real Madridde» bolsa Winisius Junior, Toni Kroos, Rodrigo, Alaba ýaly oýunçylar howply pursatlary döretselerem, olara tapawutlanmak başartmady.

Şunlukda, 4-0, iki oýnuň netijesi boýunça-da 5-1 hasap bilen üstün çykan «Mançester Siti» 2021-nji ýyldan soň 2-nji gezek finala adyny ýazdyrdy.

«Mançester Siti» şu möwsümde bassyr 15-nji duşuşygynda ýeňiş gazandy. Toparyň tälimçisi Pep Guardiola bolsa 4-nji gezek finala çykyp, bu ugurda Karlo Ançelottiden soň 2-nji ýerde barýar.

Soňky sapar 2009-njy ýylda «Liwerpuldan» 4-0 utulan «Real Madrid» şondan bäri ilkinji gezek Çempionlar Ligasynda 1 oýunda jogapsyz 4 gol geçirtdi. Umumylykda «Real Madrid» bu ýaryşda 5-nji gezek 4-0 hasabynda asgyn geldi. «Real Madridiň» tälimçisi Karlo Ançelotti bu ýaryşda 191-nji duşuşygyny geçirip, bu ugurda rekordyň ýeke-täk eýesi boldy.

«Mançester Siti» bilen «Interiň» arasyndaky final 10-njy iýunda Türkiýäniň Stambul şäherindäki Atatürküň adyny göterýän Olimpiýa stadionynda oýnalar. Bu duşuşyk Stambuldaky 2-nji final bolup, mundan 2005-nji ýylda-da iňlis hem-de italýan klublary duşuşypdy. Şol taryhy finalda «Milan» bilen «Liwerpul» duşuşyp, iňlis kluby penaltileriň netijesinde kubogy eýeläpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň