Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag» futbol topary 8 duşuşykda 32 gol geçirdi

12:1517.05.2023
0
26095

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynda «Arkadag» topary özüniň sekizinji resmi duşuşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýty habar berýär.

Üçüsi Türkmenistanyň kubogyna, bäşisi çempionata degişli bolan bu duşuşyklaryň ählisinde toparyň ýeňiş gazanyp gelýändigini ýatladýarys.

Hüjümçi Didar Durdyýew 8 duşuşykda geçiren 12 goly bilen «Arkadag» futbol toparynyň resmi duşuşyklarynda iň kän tapawutlanan futbolçylaryň başyny çekýär. Onuň milli çempionatda 7, Kubok ýaryşynda 5 goly bar.

6-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň milli çempionatda «Arkadag» futbol toparyndan tapawutlanan oýunçylaryň sany 11-e çykdy. Altymyrat Annadurdyýew topardan Türkmenistanyň çempionatynda tapawutlanan 10-njy futbolçy boldy. Toparyň ähli resmi duşuşyklarynda bolsa jemi 15 futbolçy tapawutlandy. Altymyrat Annadurdyýew bilen Yhlas Saparmämmedow bu sanawa 6-njy tapgyrda goşulan futbolçylardyr.

«Arkadag» topary milli çempionatdaky ilkinji resmi bäş duşuşygynda garşydaş derwezelere 19 pökgi geçirdi. Bu bolsa her duşuşykda, ortaça, 4-e golaý goluň geçirilendigini görkezýär. Toparyň ähli resmi duşuşyklarynda geçiren gollarynyň sany bolsa 32-ä çykdy. Begenç Akmämmedow toparyň şu ýyldaky 30-njy goluny geçiren futbolçy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň