Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda çykaran karary esasynda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi. Bu saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek maksady bilen, şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Bu barada merkezi saýlaw toparynyň resmi web saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, mejlise merkezi saýlaw toparlarynyň agzalary we edarasynyň hünärmenleri, merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik, Senagatçylar we telekeçiler, Agrar partiýalarynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garaldy. Has takygy, saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem öňde boljak saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň 2023-nji ýylyň 17-nji maýyndan başlanýandygy yglan edildi.
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça degişli saýlaw toparlaryny şeýle-de saýlaw okruglaryny döretmek meselesine garaldy. Şeýle-de saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatlaryny geçmek hem meýilleşdirildi.
Mejlise gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurtda saýlawlary guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, saýlawlaryň kanunçylyk esaslaryny doly we dogry berjaý etmegiň saýlaw toparlary üçin wajyp wezipedigini aýratyn bellediler. Saýlawlaryň aýdyňlygyny we giň bäsleşikli bolmagyny üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitlediler. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary saýlaw möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.