Soňky habarlar

Arhiw

Uzak möhletli maksatnamalar boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

22:4315.05.2023
0
35854
Uzak möhletli maksatnamalar boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşanlar gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we pudaklaryň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdiler.

Maslahatyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, Aşgabadyň hem-de welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüş depginlerini ýokarlandyrmagyň, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi.

Häzirki wagtda ýurduň obasenagat toplumynyň düzümlerini sazlaşykly ösdürmek, oba hojalygyny ýokary girdejili pudaklaryň birine öwürmek, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak arkaly, bu önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak, iň esasysy bolsa, halkyň azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny dowam etmegiň, ýokary tehnologik önümçiligiň ykdysady ösüşe goşandyny artdyrmagyň, pudaklary sanlylaşdyrmagyň, makroykdysady we maliýe durnuklylygy saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

— Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen öňe sürýän beýik başlangyçlary hem-de asylly maksatlary nazarlaýan giň möçberli özgertmeler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýär — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyna gatnaşyjylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň