Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNESKO-nyň Tährandaky wekilini kabul etdi

22:0315.05.2023
0
24943
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNESKO-nyň Tährandaky wekilini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, BMG-niň özüniň wekilçilik edýän iri düzüminiň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle-de ol geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň abraýly sanawynyň üstüni türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri hem-de Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ýaly ugurlaryň ýetirendigini aýdyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa degişli sertifikatlary gowşurdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany ÝUNESKO-nyň wekilini mähirli mübärekläp, onuň Türkmenistana saparynyň netijeli boljakdygyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli sertifikatlary gowşurandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, bu wakanyň öz baý mirasyny aýawly saklap, nesilden nesle geçirýän türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydygyny belledi.

Özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri gorap saklamak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýandygyny bellediler.

Duşuşykda şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi, bilelikde ägirt uly işleriň amala aşyrylandygy, özara gatnaşyklaryň uly tejribesiniň toplanandygy nygtaldy.

— Biz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine jogapkärli çemeleşýäris. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär we işjeň orny eýeleýär — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhman birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de dowam etjekdigine, medeni hyzmatdaşlyk, parahatçylygy pugtalandyrmak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek arkaly, halklaryň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň