Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistan «Kohinur» göwherini talap etmekçi

10:2315.05.2023
0
17429
Hindistan «Kohinur» göwherini talap etmekçi
Surat: news.ru

Hindistan Beýik Britaniýany kolonial geçmiş üçin «haklaşmaga» mejbur eder we imperiýa döwründe ýurtdan äkidilen gymmatlyklary yzyna gaýdyp almak boýunça diplomatik iş geçirer diýip, «The Telegraph» neşirine salgylanýan «News.ru» ýazýar.

Nýu-Delidäki resmi adamlaryň pikiriçe, bu Britaniýadan repatriasiýa boýunça iň iri talap bolar, Hindistan müňlerçe taryhy gymmatlyklary, ilkinji nobatda şa aýal Ýelizawetanyň täjini bezeýän «Kohinur» göwherini gaýdyp almak isleýär.

Bu iş bilen Hindistanyň ministler we diplomatik düzümi meşgullanmakçy diýlip habarda aýdylýar.

Hindistanyň Medeniýet ministrliginiň kätibi Gowind Mohan Britaniýadan gadymy milli gymmatlyklaryň gaýdyp alynmagynyň esasy maksat bolup durýandygyny tassyklady.

Iki ýyl mundan öň şeýle talap bilen Gresiýanyň hökümeti hem Beýik Britaniýa ýüzlenipdi. Gresiýa, esasan, ýurtdan XIX asyrda äkidilen Parfenonyň mermer heýkelini gaýdyp bermegi talap etdi. Häzirki wagtda grek ybadathanasynyň bahasyz gymmatlyklary Britan muzeýinde sergilenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň