Soňky habarlar

Arhiw

ÝÖTB Türkmenistanda telekeçileri Eksport mekdebine gatnaşmaga çagyrýar

10:5615.05.2023
0
22053

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky işi eksporta gönükdirilen telekeçileri Eksport mekdebine gatnaşmaga çagyrýar.

Eksport mekdebi maksatnamasy eksport işinde tejribesi bolmadyk täze eksportçylara we kompaniýalara eksport pudagynda esaslary almaga, daşary söwdada ilkinji ädimleri ätmäge we täze daşary ýurt bazarlaryna ynamly girmäge taýýarlanmaga mümkinçilik berer.

Maksatnama eksport işleri üçin iň möhüm mowzuklar, şeýle hem maslahat beriş we konsalting çözgütleri bilen baglanyşykly 7 seminary öz içine alýar: eksport bazarlaryny gözlemek, halkara ülňüleri durmuşa geçirmäge taýynlygy anyklamak, eksport saýtlaryny döretmek.

Eksport mekdebi Aşgabatda guralar. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Eksport mekdebine tölegsiz gatnaşdylar.

Has giňişleýin maglumatlary şu salgydan alyp bilersiňiz.

Eksport mekdebine gatnaşmak üçin anketany 31-nji maýa çenli doldurmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň